Täzelikler

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Hytaýa 47,9 mlrd kub metr gaz eksport edildi

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa – Hytaý transmilli gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 47,9 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi, diýip Sinhua agentligi PetroChina West Pipeline Company-nyň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär. 2018-nji ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa iberil gazyň möçberi 47,49 mlrd kub metre barabar bolup, onuň aglaba bölegi türkmen tebigy gazynyň paýyna düşýär. Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan –...

Daşoguz welaýatyndaky gaz geçirijileriniň enjamlaşdyrylmagy

2019-njy ýylda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýat gurluşyk-gurnama müdirliginiň gazçylary netijeli çäreleriň birnäçesini amala aşyrdylar, şolaryň hatarynda — ilatyň gaz bilen üpjünçiligi, gaz geçirijileriniň düýpli tehniki hyzmaty, welaýatyň çäginde torlaryň we desgalaryň ulanylyşy bar. Bu günki gün müdirligiň gazçylary umumy uzynlygy 13 müň km bolan dürli basyşly gaz geçirijilerine, şeýle hem 4750-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz...

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar – ÝB-niň wekili

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de türkmen gazynyň kabul edilmegi energetika howpsuzlygy ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Lýubomir Frebort Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ähmiýetine bagyşlanan maslahatda aýtdy. Şoňa görä-de, bu taslamany täze Ýewropa komissiýasy ýakynda ileri tutulýan energetika taslamalarynyň täzelenen sanawyna girizdi....

Gurbanguly Berdimuhamedow: iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi — Owganystanyň dikeldilmeginiň esasy şerti

Häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» addy bilen geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystana parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak...

Daşoguz welaýatynda ýerasty agyz suwlarynyň gözlegi boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi

Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, şol sanda ýurdumyzyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Suw üpjünçiliginiň infrastrukturalarynyň kämilleşdirilmegi suw serişdeleriniň, şol sanda bar bolan ýerasty agyz suw gorlarynyň tygşytly we rejeli peýdalanylmagy esasynda amala aşyrylýar. Şu maksat bilen täze gorlary gözlemek bilen bir hatarda ýerasty çeşmeleriň ulanyş...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini we tehniki kükürdi («Türkmengaz» DK), Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna buýan köküniň gury ergini, pagta-süýümi...

Saud ösüş gaznasy TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça täze karz serişdelerini bölüp berer

Saud ösüş gaznasy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin täze karz serişdelerini bölüp berer Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş...

Gazçylaryň kadaly işi — gazyň sarp edijilere bökdençsiz ýetirilmeginiň girewi

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň işgärleri Mary we Lebap welaýatynyň çäklerinde umumy uzynlygy 2570 km bolan magistral gaz geçirijisine, şeýle hem gazpaýlaýjy beketlere we ş.m. hyzmat edýärler. Gazçylar gaz geçirijileriniň tehniki ýagdaýyny, öýlerde gazyň sarp edilişini barlaýan hususy enjamlaryň ýagdaýyny yzygiderli barlap durýarlar. Bu işler şol bir wagtda içerki gaz geçirijileriň we gaz ulanyjy enjamyň doly...

Türkmenistan Dubaý şäherinde nebitgaz roud-şou geçirmäge taýýarlyk görýär

2020-nji ýylda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara roud-şoularynyň täze tapgyryny geçirerler. Olaryň birinjisi 24-25-nji fewralda BAE-de Dubaý şäherinde Hyatt Regency - Dubai Creek Heights-da geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk ösdürmek boýunça gepleşikleri dowam etmeklige we daşary ýurt maýalaryny ýurdumyzyň energetika...

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda Top-10-da

Türkmenistan 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça dünýäde benziniň iň arzan ýurtlarynyň hatarynda ilkinji onluga girdi. Bu barada «GlobalPetrolPrices» saýty habar berýär. Türkmenistan A-95 benziniň $0.43 bahasy bilen dünýäde sekizinji ýerde durýan Türkmenistanyň yzyndan $0.46 bilen Gazagystan, $0.47 bilen Azerbaýjan gelýär. Bu üç ýurt GDA ýurtlary boýunça ilkinji üçlügi düzýär. — Dünýäde benziniň bir litriniň ortaça bahasy 1.12...

«Ýolaşan» ýol bitumyny ýük awtoulagynda daşamagy ýola goýdy

«Ýolaşan» hususy kärhanasy ýük awtoulaglarynda ýol bitumyny daşary ýurtlara daşamakda Türkmenistanda ilkinji hususy kärhanasy boldy diýlip, «Biznes Türkmenistan» saýty kompaniýanyň resmi press-relizine salgylanyp habar berýär. Habara laýyklykda, kärhana Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) tarapyndan öndürilýän ýol bitumyny daşamak işlerini amala aşyrýar. Kärhananyň ýolbaşçylary ýol gurluşyk taslamalarynda giňden ulanylýan ýol bitumyny daşamagyň ýola...

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisine 10 ýyl

2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyşa girizilenine 10 ýyl doldy. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden geçýän üç sany parallel ugry (A, B we Ç) öz içine alýar. Her ugruň uzynlygy 1830 km, olaryň jemi geçirijilik ukyby ýylda 55...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň esasy wakalaryny we ýörelgelerini beýan edýän «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň dördünji, 2019-njy ýyldaky iň soky sany çapdan çykdy. Döwürleýin neşir «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýylýazgysy» rubrikasy bilen açylýar. Makalada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 21-23-nji oktýabryndaky Ýaponiýa saparynyň netijeleri, 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Bakuda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy agzalaryň döwlet...

Lebap welaýatynda täze AÝGB ulanyşa girizildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde awtomobillere ýangyç guýujy täze beket işe girizildi. Aşgabat – Farap ýolunyň golaýynda gurlan bu AÝGB köpugurly, ýokary tehnologiýaly hyzmat toplumy bolup, ony döretmäge iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanylypdyr. Häzirki zaman ýangyç paýlaýjy kolonkalar bilen enjamlaşdyrylan bu beket bir günde 750 awtomobile hyzmat etmäge ukyplydyr. Halkara ýolunda ýerleşen täze AÝGB diňe bir...

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Täze ýylyň öňüsyrasynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutlap, berk jan saglyk, ähli oňyn başlangyçlarda hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň bähbidine bilelikdäki işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň...

2014