Ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlangyjy bilen geçirilen zähmetiň goraglylygynyň biraýlygy tamamlandy. Onuň çäklerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda zähmetiň goraglylygyny üpjün etmek, işgärler üçin sagdyn hem howpsuz şertleri döretmek boýunça maslahatlar geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň esasy ýörelgesi — iş adamsy hakyndaky alada, işgärler üçin howpsuz iş şertlerini döretmek, önümçilik zerurlyklary bilen üpjün etmek, zähmet...