Habarlaryň arhiwi (2020-5-13)

Türkmenistan we Rumyniýa «Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag-üstaşyr geçelgesi baradaky Ylalaşygyň taslamasyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen geňeşmelerde «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak işleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku ýolbaşçylyk...

«Marygazçykaryş» müdirligi guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrýar

«Marygazçykaryş» müdirliginiň guýulary düýpli abatlamak boýunça sehiniň gazçylary 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary üçin önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Türkmengaz» DK-nyň ýardam bermeginde müdirligiň material-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär. MKZOT koltýubing desgasynyň satyn alynmagy guýulary düýpli abatlamak we arassalamak işleriniň ähli görnüşlerini diýen ýaly ýerine...

2014