Habarlaryň arhiwi (2020-5-11)

Aleksandr Fomin Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň mertligini we gahrymançylygyny belledi

Hut sowet halky tutuş adamzadyň umydyna we daýanjyna öwrülip, ýowuz, mähnet beladan azat etdi, diýip Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin 9-njy maýda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi. Bu gün biz elhenç uruşda Beýik Ýeňşi gazanan adamlary hormatlap, öz şirin janlaryny gurban edip, faşistlerden ene topragymyzy goran adamlaryň öňünde...

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan parahatçylygy berkitmek üçin ägirt uly tagallalar edýär

Türkmenistan özüniň iň merdana ogul-gyzlarynyň müňlerçesini Watanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrundaky aldym-berdimli gazaply söweşlere iberip, front üçin zerur önümleri tabşyryp, bu örän uly Ýeňşe mynasyp goşant goşdy, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi. Geçen urşuň ýalynly ýollaryny geçen türkmenistanly esgerler edermenligiň hem-de merdanalygyň, gahrymançylygyň,...

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak dabarasy, harby ýöriş we «Baky polk» atly hereket geçirildi. Dabaralara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşulular we kümüş saçly eneler,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we boýalan tüýjümek önümleri, Birleşen Arap Emirliklerinden, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 676 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan gelen...

2014