Habarlaryň arhiwi (2020-1-3)

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň esasy wakalaryny we ýörelgelerini beýan edýän «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň dördünji, 2019-njy ýyldaky iň soky sany çapdan çykdy. Döwürleýin neşir «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýylýazgysy» rubrikasy bilen açylýar. Makalada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 21-23-nji oktýabryndaky Ýaponiýa saparynyň netijeleri, 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Bakuda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy agzalaryň döwlet...

Lebap welaýatynda täze AÝGB ulanyşa girizildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde awtomobillere ýangyç guýujy täze beket işe girizildi. Aşgabat – Farap ýolunyň golaýynda gurlan bu AÝGB köpugurly, ýokary tehnologiýaly hyzmat toplumy bolup, ony döretmäge iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanylypdyr. Häzirki zaman ýangyç paýlaýjy kolonkalar bilen enjamlaşdyrylan bu beket bir günde 750 awtomobile hyzmat etmäge ukyplydyr. Halkara ýolunda ýerleşen täze AÝGB diňe bir...

2014