Habarlaryň arhiwi (2020-1-8)

Türkmenistan Dubaý şäherinde nebitgaz roud-şou geçirmäge taýýarlyk görýär

2020-nji ýylda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara roud-şoularynyň täze tapgyryny geçirerler. Olaryň birinjisi 24-25-nji fewralda BAE-de Dubaý şäherinde Hyatt Regency - Dubai Creek Heights-da geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk ösdürmek boýunça gepleşikleri dowam etmeklige we daşary ýurt maýalaryny ýurdumyzyň energetika...

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda Top-10-da

Türkmenistan 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça dünýäde benziniň iň arzan ýurtlarynyň hatarynda ilkinji onluga girdi. Bu barada «GlobalPetrolPrices» saýty habar berýär. Türkmenistan A-95 benziniň $0.43 bahasy bilen dünýäde sekizinji ýerde durýan Türkmenistanyň yzyndan $0.46 bilen Gazagystan, $0.47 bilen Azerbaýjan gelýär. Bu üç ýurt GDA ýurtlary boýunça ilkinji üçlügi düzýär. — Dünýäde benziniň bir litriniň ortaça bahasy 1.12...

«Ýolaşan» ýol bitumyny ýük awtoulagynda daşamagy ýola goýdy

«Ýolaşan» hususy kärhanasy ýük awtoulaglarynda ýol bitumyny daşary ýurtlara daşamakda Türkmenistanda ilkinji hususy kärhanasy boldy diýlip, «Biznes Türkmenistan» saýty kompaniýanyň resmi press-relizine salgylanyp habar berýär. Habara laýyklykda, kärhana Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) tarapyndan öndürilýän ýol bitumyny daşamak işlerini amala aşyrýar. Kärhananyň ýolbaşçylary ýol gurluşyk taslamalarynda giňden ulanylýan ýol bitumyny daşamagyň ýola...

2014