Habarlaryň arhiwi ()

«Türkmennebit» Demirgazyk Goturdepe ýatagynda guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni 2017-nji ýylyň  27-nji ýanwaryndan 27-nji fewraly aralygynda Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşen Demirgazyk Goturdepe ýatagynda guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Guýulary gurmaklyk Demirgazyk Goturdepe känini özleşdirmegiň maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär. Bäsleşige iki sany lot goşuldy — turbalary satyn almak we metalprokat, şeýle hem zawod, tehnologik we buraw enjamlaryny satyn...

Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berlişi ýaly, toparyň täjik bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Usmonali Usmonzade ýolbaşçylyk etdi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly,...

ABŞ-da buraw desgalarynyň sanynyň artmagy bilen nebitiň bahasy arzanlaýar

Baker Hughes maerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň ABŞ-da buraw desgalarynyň sanynyň artmagy barada anna güni neşir etdiren maglumatlaryndan soň, duşenbe güni nebitiň bahalary arzanlaýar. Muňa geleşikleriň netijeleri şaýatlyk edýär, diýip Ria Nowosti habar berýär. Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň apreldäki fýuçersleriniň bahasy 0,57 göterim aşaklap – barrel üçin 55,38 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň martdaky fýuçersleriniň...

Eýran gaz geçirijisini çekmek boýunça Pakistan bilen baglaşan geleşiginden ýüz öwrüp biler

Eýran gurluşygynyň uzaga çekenligi sebäpli gaz geçirijisini çekmek boýunça Pakistan bilen baglaşan geleşiginden ýüz öwrüp biler, diýip Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hamid Reza Aragi aýtdy. Bu barada Trend agentligi Mehr eýran agentligine salgylanyp habar berýär. Onuň sözlerine görä, gepleşikler üç hili dowam edip biler: häzirki ýagdaý saklanar; «Parahatçylyk» diýlip atlandyrylýan Eýran-Pakistan gaz geçirijisini durmuşa geçirmegiň...

Geçen hepdäniň biržä täzelikler

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şweýsariýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýly satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan,...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew nebitgaz toplumynyň käbir pudaklarynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin  Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberini...

Hazarýaka döwletleri Bakuda Hazaryň hukuk derejesi babatda birnäçe meseleler boýunça ylalaşyk gazandylar — Azerbaýjanyň DIM-i

Hazarýaka bäşligi Bakuda geçirilen Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisinde birnäçe açyk hem möhüm ähmiýetli meseleleri ylalaşdylar, diýip Azerbaýjanyň DIM-niň orunbasary Halaf Halafow beýan etdi. Bu barada Intefaks-Azerbaýjan habar berýär. «Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak we işläp düzmek boýunça daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisiniň...

Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleri Astanada, DIM-leriniň ýolbaşçylary Aşgabatda ýygnanyşarlar

Hazarýaka döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy Aşgabatda geçiriler, diýip Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow beýan etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Duşuşyk Aşgabatda geçiriler. Duşuşygyň senesini kesgitlemek boýunça gepleşikler dowam edýär» diýip H.Halafow aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, şular ýaly çözgüt bakuda geçirilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak we işläp düzmek boýunça hazarýaka döwletleriniň...

OPEC-iň nebit sebedi 1,5 göterim gymmatlady

OPEC-iň nebit sebediniň bahasy 26-njy ýanwarda bir barrel üçin 52,91 dollara deň boldy. Bu görkeziji çarşenbedäkiden 0,77 dollar köpdür, diýip Trend anna güni habar berdi. Anna güni nebitiň dünýä boýunça bahalary OPEC-iň oňaýly çaklamalarynyň netijesinde gowşak hem bolsa ýokarlanyp başlady. 12:00 wagtda çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň martdaky fýuçersleriniň bahasy 0,34 göterim ýokarlanyp – barrel üçin...

«Lebapgazçykaryş» müdirligi tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrýar

«Lebapgazçykaryş» müdirligi 2016-njy ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen tamamladylar. Geçen ýylda müdirlik boýunça tebigy gazyň 14,9 milliard kub metri, gaz kondensatynyň bolsa 81 müň tonna golaýy çykaryldy. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary düýpli we ýerasty bejeriş bölüminiň işgärleri Malaý, Kerpiçli, Bagaja, Ojak, Gazlydepe we beýleki känlerde guýularyň 32-sinde barlag hem-de abatlaýyş işlerini geçirdiler. Müdirligiň işgärleri 2017-nji ýylda guýularyň 30-synda...

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Soňky günlerde metbugatda Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ýolbaşçysy Hamid Reza Araginiň türkmen tebigy gazynyň iberilişi we şonuň netijesinde ýüze çykan «maliýe garşylyklary» baradaky mesele boýunça aýdan zatlaryna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. Türkmen tarapy gazy satyn almak-satmak Şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny doly berjaý edip, birnäçe ýyllaryň dowamynda tebigy gazyň Eýrana üznüksiz iberilmegini...

Türkmenistanda GDA-nyň synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlaw möwsümine gözegçiligi amala aşyryp başlady

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan Synçylar topary hem-de onuň Ştaby 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler. Bu barada GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar berýär. Şeýle hem habarda bellenilişi ýaly, Prezident saýlawlaryna syn etmegiň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary —...

TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär

TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işleri ýokary depginler bilen dowam edýär. Taslamanyň bu böleginiň gurluşygynyň buýrujysy bolup «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz turbalaryny gurmak» boýunça Müdirligi çykyş edýär. Taslama işleriniň potratçysy hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinžinerçilik we gurluşyk» müdirligi çykyş edýär. Gurluşyk-gurnama işlerini «Türkmennnebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» müdirligi ýerine...

Bütindünýä banky 2017-nji ýylda nebitiň bahasynyň 55 dollar derejesinde boljakdygy baradaky çaklamasyny tassyklady

Bütindünýä banky 2017-nji ýylda nebitiň ortaça bahasynyň bir barrel üçin 55 dollar möçberinde bolmagyna garaşýar. Şular ýaly maglumatlar bankyň çig mal serişdeleriniň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky çärýekleýin hasabatynyň täze sanynda saklanýar, diýip ТАСС belleýär. Geçen gezekki hasabat bilen deňeşdireniňde nebitiň bahalary boýunça çaklama üýtgewsiz galýar. Awtorlar «uzak dowam eden çäklendirilmedik nebit çykaryşdan soň ony çäklendirmek»...

Hazar boýunça nobatdaky sammitde onuň hukuk ýagdaýy kesgitlenilip bilner — Azerbaýjanyň DIM-i

Hazar boýunça nobatdaky sammitde onuň hukuk ýagdaýy kesgitlenilip bilner – diýip Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow çarşenbe güni Bakuda geçirilen Hazaryň hukuk derejesi boýunça Iş toparynyň mejlisinde aýtdy. Bu barada Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär. Häzirki wagtda çenli Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýanyň taslamasy babatda ägirt uly iş edildi. Deňziň gutarnykly hukuk...

2014