Habarlaryň arhiwi ()

Putin Russiýanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem berkidilmegine ynam bildirdi

Täze ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan wajyp gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki işleri netijeli dowam etjekdigimize ynanýaryn, diýlip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Täze ýyl mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda aýdylýar. «Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin» diýlip, Gutlagda bellenilýär. Şeýle...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze...

2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Resminamada bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri hökmünde türkmen halkynyň taryhyna müdimilik girdi. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip...

Türkmenistanyň Prezidenti: 2019-njy ýyl oňat ýyl boldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, onuň Watanymyz üçin oňat ýyl bolandygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň jemleri barada durup geçip, Halkara Pul Gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde dünýäde ykdysady çökgünligiň başlanan wagtyndan bäri ösüş depgini...

31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi

Täze ýyl baýramy mynasybetli 31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi. Dynç gününi geçirmek hakynda degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç güni 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirilýär. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellenildi. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine...

Çelýabinsk turba öndüriji zawody TOPH üçin turbalary Türkmenistana doly iberdi

Çelýabinsk turba öndüriji zawody (ÇTPZ) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary Türkmenistana doly mukdarda iberdi. Bu barada Interfaks ÇTPZ-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Kompaniýa 150 müň tonnadan ybarat turbalary getirdi. Turbalaryň diametri 1,422 mm bolup, antikorroziýa örtügi bilen örtülen we X70 berklikli metaldan ýasalan. Russiýanyň ÇTPZ kompaniýasy gurluşygy...

Geofizikler Türkmenistanyň känlerinde gözleg we özleşdiriş işlerini döwrebap usulda alyp barýarlar

Geofiziki barlaglar häzirki döwürde nebit we gaz känlerini gözlemekde we özleşdirmekde aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda bu ugurda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» edarasynyň hünärmenleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän nebit we gaz känlerinde geofiziki gözleg işleri döwrebap usulda alnyp barylýar. Geologlar Gumdag, Indarlan, Kelkar, Jebel, Goturdepe we Uzynada nebit känlerinde seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek bilen uly tejribe...

Goturdepe käniniň önümçilik görkezijileri artýar

«Türkmennebit» DK-nyň düzümine girýän «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepe» ulag-tehnologik müdirligi Goturdepe meýdançasyny özleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Müdirligiň hünärmenleri ýöriteleşdirilen ulagyň tehniki üpjünçiligini, ýükleýiş-düşüriş işlerini, buraw desgalaryna barýan ýollaryň gurluşygyny amala aşyrýarlar. Müdirligiň ygtyýarynda — ygtybarly daşary ýurt tehnikalary, şol sanda awtokolonnalar, şeýle hem awtoabatlaýyş ussahanasy bar. «XJ-250» we «UPT-1-50» ýuk göteriji desgalaryň ulanylmagy işleri...

Ýaşyldepe meýdançasynda nebit çykarmak boýunça ýyllyk meýilnama ýerine ýetirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýaşyldepe» nebit we gazy çykarmak boýunça müdirliginiň esasy önümçilik görkezijileri ýokarlanýar. Çig nebitiň önümçiligi 193 müň tonna deň boldy, ýyllyk meýilnama 11 aýda üstünlikli ýerine ýetirildi. 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 1008 göterime deň boldy. Häzirki wagtda müdirlikde dürli ugurlarda 420 töweregi hünärmen zähmet çekýär. Nebitçiler ýurdumyzyň gündogar...

Şahadatnamalarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda täze halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi. Maslahata «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň ýolbaşçylary we işgärleri, taslama gatnaşan ýapon kompaniýasynyň wekilleri, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlar, pudaklaýyn Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri, HBS-iň wekilleri we beýlekiler...

«Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine ECO-93 benzininiň önümçiligi boýunça zawodyň şahadatnamalaryny gowşurdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzen bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy. Ýatladyp geçsek, bu kompaniýa TIGAS tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen...

Täze gaz käni ulanyşa girizildi

Lebap welaýatynyň günortasynda «Täjibaý» atly täze gaz käni senagat taýdan işlenilmäge girizildi. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri bu ýerde «mawy altyn» çykarmaga başladylar. Ilkinji gazly guýudan onlarça million kub metr gymmatly çig mal alyndy. Şol bir wagtyň özünde barlag guýylarynyň ýene üçüsi gazylýar. Ýakyn ýyllarda täze guýylary ulanmaga bermegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylyşy ep-esli artar. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu...

Söwda howatyrlanmalary gowşanyndan soň, nebit sentýabrdan bäri iň ýokary bahadan satylýar

Nebitiň dünýä boýunça bahalary dürlüçe üýtgeýär. Ýöne şol bir wagtda, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň howatyrlanmasynyň gowşamak mümkinçiligi zerarly sentýabrdan bäri, iň ýokary nyrhyny saklap galýar.  Muňa biržalaryň söwdalary şaýatlyk edýär, diýip Trend Praým agentligine salgylanyp habar berýär. «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy o,12 göterim ýokarlanyp, 66,62 dollara, «WTI» nebitiniň bahasy 0,1 göterim aşaklap, 61,12...

“Atlas of delimitation of sea spaces” prepared in Turkmenistan

The presentation of the Atlas of Delimited Sea Spaces was held at the Institute of International Relations of Turkmenistan, and the website of the country's foreign ministry was presented. The presentation was attended by representatives of the Academy of Sciences, the Institute of International Relations of the Ministry of Foreign Affairs, the Ministry of Defense, the...

«Türkmengaz» DK-nyň tebigy gaz YBI-de ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy barlag institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynyň ylmy ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen bilelikde gurnaldy. Bu çärä nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň işgärleri, inženerler, ylmy işgärler, pudagyň ýaş...

2014