Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly şertlerde ýurdumyzyň nebitgaz toplumy önümçiligiň ýokary depginini saklap galýar. Bu ösüş täze känlerini, şol sanda Hazaryň türkmen kenarynda, Amyderýanyň boýunda, şeýle hem «Galkynyş» käninde senagat taýdan işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary mynasybetli saklanýar. Netijede nebitiň we gazyň önümçilik möçberleri artýar. Mysal üçin, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda 4 million...