Habarlaryň arhiwi ()

Nebitiň bahalary aşaklamadan soňra az-kem gymmatlap başlady

Nebitiň bahalary 2002-nji ýyldaky minimuma düşeninden soňra sişenbe güni irden 5 göterim aralygynda ýokarlanyp başlady. Muňa söwdalaryň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Praým habar berýär. «Brent» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahalary 1,05 göterim ýokarlanyp, 23 dollara deň boldy. Onuň iýundaky fýuçersleriniň bahasy 1,67 göterim ýokarlanyp, 26,85 dollara deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 5,13...

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 304,6 mlrd kub metr «mawy ýangyç» iberildi

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilen döwründen şu ýylyň 7-nji martynda çenli ýagdaýa görä, Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 304,6 mlrd kub metre barabardyr, diýip Sinhua agentligi habar berýär. 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gaz geçiriji boýunça Merkezi Aziýadan Hytaýa 7,6 mlrd kub metr tebigy gaz  eksport edildi. Şol bir wagtda «Sinhua» agentliginiň nygtaýşy ýaly, Merkezi...

Nebitiň bahalary 5-6 göterim aşaklaýar, «Brentiň» bahasy - $23,37

Nebitiň bahalary duşenbe güni söwdalaryň barşynda görnetin aşaklady. «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 23,37 dollara deň boldy. Bu görkeziji ondan öňki söwda günündäkiden 6,26 göterim aşakdyr, diýip INTERFAKS habar berýär. «WTI-niň» bahasy 5,02 göterim arzanlap, 20,43 dollara çenli aşaklady. Deslapky söwdada onuň bahasy 4,8 göterim aşaklapdy. Şertnamalaryň ikisi hem bäş hepdäniň netijeleri boýunça aşaklamagyny dowam etdi. Aýyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million...

SNGIZ-niň hünär taýýarlaýyş merkezinde uçurymlaryň nobatdaky tapgyryna diplomlar gowşuryldy

Ýakynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň №15 hünär taýýarlyk merkezinde diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäresi bolup geçdi. 30-dan gowrak talyp-uçurymlar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işgärleriniň hataryny doldurarlar. Uçurymlara olaryň mugallymlarynyň öwüt beriji sözleri ýaňlandy. Häzirki wagtda №15 hünär taýýarlyk merkezinde 400-den gowrak talyp bilim alýar. Okuw merkezinde okuw işini üstünlikli gurnamak üçin ýeterlik bolan material-tehniki binýat...

Prezident Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly penşenbe güni geçiren nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişdeler kuwwatyny berkitmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, nebitgaz ulgamynda ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk...

ABŞ nebitiň bahalaryny durnuklaşdyrmak maksady bilen G20-de Saud Arabystanyna ýüzlenmek isleýär

G20 duşuşygynyň öňýanynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Er-Riýady «ýagdaýdan has belentde bolmaga» we dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin tagallalar etmäge çagyrdy. The Wall Street Journal neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp habar berşi ýaly, ABŞ penşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde geçiriljek G20 duşuşygynda nebitiň önümçiligini çäklendirer ýaly Saud Arabystanyna basgy basgy etmek isleýär, diýip Interfaks habar berýär. Sişenbe güni...

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä bazarynda çylşyrymly ýagdaýlarda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde ösen tejribäni, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek toplumyň pudaklarynyň öňünde...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik de döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmen Lideri owgan kärdeşini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow...

Himiýa instituty gaz kükürdünden peýdalanmagyň innowasion tehnologiýalaryny hödürlediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri «Türkmengaz» döwlet konsernine ýurdumyzyň nebitgaz känlerinden alynýan tebigy kükürdi utilizasiýa etmegiň we senagat taýdan peýdalanmagyň innowasion usullaryny teklip etdiler. Alymlar tarapyndan gazy çykarmagyň ikinji derejeli önümlerinden, şeýle hem bu mineralyň senagat taýdan gaýtadan işlenmesiniň galyndylaryndan modifisirlenen kükürdi almagyň tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Tebigy gazyň çykarylyş...

«Türkmengeologiýa» Gyzylgaýa ýatagynda demir magdanlarynyň goruny anyklamak boýunça işler barada hasabat berdi

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda metallurgiýa zawodyny gurmak üçin ýerli çig mal gorlaryny anyklamak boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde demir magdanlaryna geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, korporasiýanyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklaryndan demir magdanlarynyň maddy we himiki...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da,...

«Mawy kenar» Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynda eko-taslamany durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň gazananlarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen sergisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary ýurduň içinde bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler. Şol sanda, sergä gatnaşyjylar hususy kompaniýalaryň ekologiýa we nebitgaz ulgamlarynda innowasion taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Nebitden hapalanan topragy arassalamak bilen meşgullanýan «mawy kenar» bilelikdäki kärhanasynyň diwarlygy hem...

WTI-niň bahasy ýokarlanmagyny dowam edýär, «Brent» 26,33 dollara çenli gymmatlady

Düýpli aşaklamdan soňra anna güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär. Interfaks agentliginiň habar berşi ýaly, «WTI-niň» bahasy penşenbe güni rekord dereje – 24 göterim ýokarlandy. Bu ýokarlanma ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Strategik nebit goruna (Strategic Petroleum Reserve, SPR) 30 mln barrel nebit satyn almak baradaky görkezmesinden soň amala aşdy. ABŞ beýle etmek bilen amerikan bazarynda bahalary...

Baha söweşinde Er-Riýadyň nobatdaky ädiminden soň, «Brent» 25 dollardan aşak düşdi, WTI 20 dollara geldi

Saud Arabystanynyň Russiýa bilen baha söweşindäki nobatdaky ädimi nebit bahalarynyň gaýtadan aşaklamagyna getirdi. Çarşenbe güni «Brentiň» bahasy 14,7 göterim aşaklap, 24,52 dollara deň boldy. Bu görkeziji 2003-nji ýyldan bäri iň aşak görkezijidir, diýip Interfaks habar berýär. MarketWatch-yň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda uly bolmadyk kadalaşma bolup geçdi – barrel 25,94 dollar (aşaklama 9,7 göterim). Çarşenbe güni Saud Arabystanynyň...

2014