Habarlaryň arhiwi ()

«Siemens» kompaniýasy «Lebapgazçykaryş» müdirligi üçin kompressor enjamlaryny getirer

«Siemens» kompaniýasy Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinden uglewodorod serişdelerini çykarmak we ibermek bilen meşgullanýan «Lebapgazçykarş» müdirligi üçin göçme kompressor enjamlaryny getirer. Bu enjamyň işi Naýyp käninde hereket edýän gazy gaýtadan işleýän topluma gazyň berlişini gowulandyrar. Kärhanany tehniki taýdan enjamlaşdyrmak maksady bilen geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanan «Siemens» kompaniýasy «SGT-300» we «SGT-100» gazturbina priwodly enjamlary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat...

Türkmenistan Gruziýa iberýän nebit önümleriniň möçberini artdyrýar

Şu ýylda Türkmenistanda öndürilen nebit önümleriniň Gruziýa eksporty düýpli artdy. Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileriniň birleşiginiň habar berşi ýaly, mart aýynda awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň iň köp importy Russiýadan – 19 müň tonna we Türkmenistandan 16,8 müň tonna deň boldy. Awiasion kerosininiň hem iň esasy satyn alynýan ýurdy Türkmenistan — 4,9 müň tonna. Bu...

Bilermen: dünýä ykdysady çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti meýilleşdirilen ösüş derejesini saklap galyp biler

Türkmenistan milli ykdysadyýetini industriallaşdyrmaklygy üstünlikli amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň esasy görkezijileri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu görkezijiler oňaýly depgini görkezýär. Munuň özi, ykdysady synçy Walentin Trapeznikowyň aýtmagyna görä, ýurduň ykdysadyýetiniň şu ýylda umumy ösüşini çaklamaga mümkinçilik berýär, diýip «GOLOS SNG» onlaýn-radiosy habar berdi. Ykdysatçynyň belleýşi ýaly, industriallaşdyrmagyň material binýady hökmünde düýpli tebigy baýlyklar,...

Gazçylar «Daşoguz şypahanasynda saglygyny berkidýärler

«Daşoguzgazüpjünçilik» we «Daşoguzgazçykaryş» müdirlikleriniň işgärleri ýakynda «Daşoguz» şypahanasynda dynç alyş we beden saglygyň dikeltmegiň şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýerde dynç alýan gazçylaryň gürrüň bermegine görä, şypahananyň işgärleri olary ýyly mähir bilen garşy alyp, iň esasysy hem, birnäçe hroniki keselleriň öňüni almak boýunça bejergileri almaga ýardam edipdirler. «Daşoguz» şypahanasy 2014-nji ýylda ulanyşa girizildi. Şypahana 200...

Nebit önümleri bilen durnukly we howpsuz üpjünçilik

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Barsaagelmez» tehnologik ulag müdirligi Balkan welaýatynyň känleriniň çäklerinde ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Onuň esasy iş ugry nebitpromysellerini tehnologik ulag bilen üpjün etmek, şeýle hem ýük daşaýan we nebit promysel ýörite tehnikalary bilen üpjün etmek bolup durýar. Eýýäm köp ýyllaryň dowamynda müdirlik nebit önümleriniň we harytlyk ýaglaryň ýokary hil derejesini saklamak bilen, olaryň içerki...

«Lebapgazüpjünçilik» müdirligi ilata «mawy ýangyjyň» üznüksiz berilmegini üpjün edýär

Ilaty tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek — «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Müdirligiň işgärleri Lebap welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etmeklige uly üns berýärler. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde goýberilen tebigy gazyň möçberi 959 mln kub metre deň bolup, şonuň 645,4 mln kub metri ilatyň zerurlyklary üçin iberildi. Welaýatyň çäklerinde «mawy ýangyç» bilen üpjün...

Urban Rusnak wideoaragatnaşyk arkaly Energetika Hartiýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy

Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Energetika ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar...

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky we Ýaponiýanyň Döwlet eksport-karz agentligi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Döwlet daşary ykdysady iş bankynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň Döwlet eksport-karz agentliginiň (Nippon Eksport we Maýa goýum ätiýaçlandyryş (NEXI) wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we mundan beýläkki maýa goýum-maliýe hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda himiýa senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamy,...

Halkara nebit we gaz uniwersiteti maý aýynda «Açyk gapylar» gününi geçirer

Türkmenistanyň nebit we gaz uniwersiteti maý aýynda 2020-nji ýylda şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirmäge taýýarlyk görýär. Şol günlerde myhmanlar pudaklaýyn ýokary okuw mekdebinde okuw işleriniň gurnalyşy, taýýarlygyň esasy ugurlary we hünärler barada jikme-jik maglumat alyp bilerler. Ýaşlar uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we medeni-köpçülikleýin işler, okamak, ýaşamak, medeni...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 562 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Jemi 5 million 316 müň manatdan gowrak baha satyn alnan nah ýüplük Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçileriň geleşikleriniň manat serişdeleriniň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň telekeçileri...

Türkmenistan we Özbegistan önümleriniň, şol sanda nebitgaz pudagynyň önümleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär

23-nji aprelde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň özara haryt dolanyşygynyň derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk iki ýurduň degişli edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri...

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Germaniýanyň «Commerzbank AG» banky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda penşenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda  german kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmeklik meselesine garalady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we  Türkmenistan bilen GFR-iň öňdebaryjy karz beriş edaralarynyň...

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumynda we himiýa senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplanylan işewürlik gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp,...

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary pandemiýa we dünýä ykdysady çökgünligine garşy göreşi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda koronawirus pandemiýasy şertlerinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri gurşap alan hem-de köp sanly döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän täze, örän howply ýagdaýa gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda,...

2014