Habarlaryň arhiwi ()

Bilermenler nebite bolan islegiň taryhda iň düýpli aşaklajakdygyny çaklaýarlar

Köp sanly ýurtlarda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän adatdan daşary göreş çäreleriniň netijesinde 2020-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan isleg taryhda iň düýpli aşaklama ýagdaýyna gelip biler, diýip Interfaks Bloomberg agentligine salgylanyp habar berýär. «Saparlara gitmäge gadaganlyk, öýde galyp işlemek, ýatyrylan zähmet rugsatlary we ibermeleriň arasynyň bozulmagy — bu zatlaryň ählisi gönüden göni ýangyja bolan islegiň azalmagyna...

«Gazprom» Hytaýa barýan «Sila Sibiri» gaz geçirijisini 1-nji aprele çenli arassalaýyş işleri üçin togtatdy

«Sila Sibiri» magistral gaz geçirijisi arassalaýyş işleri üçin iki hepdelik togtadyldy, diýip «Gazpromyň» Maglumatlar müdirliginde žurnalistlere habar berdiler. Bu barada Interfaks belleýär. «Bu günki gün Moskwa wagty bilen sagat 5:00-da «Sila Sibiri» gaz geçirijisinde profilaktika işleri başlandy. Bu işleri 1-nji aprele çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. «Işleriň geçirilmeli möhletleri «Gazprom» we CNPC tarapyndan ylalaşyldy. Taraplaryň öňden ylalaşygy...

Prezident «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» sergisini we maslahatyny ýokary derejede gurnamagy tabşyrdy

Häzirki wagtda 28 — 30-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly sergä we maslahata taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren hökümet mejlisinde hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-den, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler el halylaryny satyn...

Döwlet departamenti: ABŞ «Günorta gaz geçelgesine» strategik taslama hökmünde garaýar

ABŞ «Günorta gaz geçelgesine» strategik taslama hökmünde garaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Energetika serişdeleri býurosynyň energetika diplomatiýasy boýunça hünärmeni Natan Raýh aýtdy, diýip Trend habar berýär. «Biz energiýa serişdelerini almaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga — iberme çeşmeleri, import ugurlary, ýangyjyň görnüşleri, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri nukdaýnazaryndan ýewropaly hyzmatdaşlarymyza we tarapdarlarymyza kömek etmek üçin mümkin bolan ähli zatlary...

Türkmengaz» Marokkonyň we BAE-niň kompaniýalary bilen 1 million tonna kükürdi satmak hakynda Şertnama baglanyşdy

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «OCP S.A.» (Marokko Patyşalygy) we «Sun International FZE» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda Şertnama gol çekildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sişenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu şertnama türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna saparynyň dowamynda gol çekildi. Bu...

OPEC bazar ugrunda göreşde nebitiň çykarylyşyny 2020-nji ýylda – 0,5 mln b/g, 2021-nji ýylda 0,2 mln b/g artdyrar - EIA

OPEC 6-njy martda geçen OPEC+ mejlisiniň netijeleri boýunça dünýäniň nebit bazaryny deňagramly ýagdaýa getirmegi däl-de, onuň bir paýyny eýelemegi maksat edip goýar. Bu barada INTERFAKS ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň energetika maglumatlary müdirliginiň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär. EIA-nyň çaklamagyna görä, 2020-nji ýylyň aprel-dekabr aýlarynda OPEC döwletlerinde nebitiň ortaça günlük çykarylyşy birinji çärýekdäki 28,7 mln b/g bilen...

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi

Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistanyň sebitde strategik hyzmatdaşy bolup durýar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuda ýokary derejede geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň jemlerini teswirläp belledi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem uglewodorod serişdelerine örän baý ýurtlardyr. Energetika meseleleri barada aýdylanda, biz bu serişdeleri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň...

Berdimuhamedow halkara arenasynda Azerbaýjany ylalaşylan ulag diplomatiýasyny geçirmäge çagyrdy

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Bakuda geçiren gepleşikleriniň barşynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag aragatnaşygynyň meselelerini maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegi, umumy çemeleşmeleri işläp düzmegi we halkara arenasynda ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen işjeň özara gatnaşyklary göz öňünde tutýan ylalaşylan ulag diplomatiýasyna geçmegi teklip etdi. Halkara düzümleriniň hatarynda Ýewropa Ykdysady topary, BMG, BMG-niň Aziýa...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Bakuda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri  ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda türkmen-azerbaýjan söwda hyzmatdaşlygy barada bellenilip, bu ugurda soňky ýyllarda ösüşiň göze ilýändigini aýdyldy. Şeýlelikde, 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 2019-njy ýylda 40 göterimden hem gowrak artdy. Hökümet we pudagara derejesinde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanyldy. Türkmen...

TNGIZT-däki katalitik riforming desgasyna 20 ýyl boldy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda katalitik riforming desgasynyň ulanyşa girizilen gününden bäri 20 ýylyň dolmagy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu günki gün benzinleriň katalitik riformingi häzirki zaman nebiti gaýtadan işlemekligiň möhüm tapgyry bolup durýar. Ol şol bir wagtda awtomobil benzininiň ýokary oktanly düzüm böleklerini almaga hem hyzmat edýär. «UOP» kompaniýasynyň hereket edýän riforming desgasy barlag usuly...

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgini ýokarlandyrylýar

TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgini gün-günden ýokarlanýar. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde Mary welaýatynyň çäginde «Türkmenýöritenebitgazgurnama», «Türkmengündogarnebitgazgurluşyk», «Marynebitgazgurluşyk» we beýleki trestleriniň hünärmenleri gurluşyk gurnama işlerini alyp barýarlar. Gurluşyk-gurnama işlerine tejribeli hünärmenler çekildi. Häzirki wagtda turbalary geçirmek üçin ýerüsti taýýarlyk işleri 206,9 kilometrde amala aşyryldy. Mundan başga-da, gaz geçirijiniň ugry boýunça geçjek, uzynlygy 203 kilometr bolan inspektorlyk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň...

Türkmenistanyň hökümet mejlisinde 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz pudagynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda...

Nebitiň bahalary duşenbe güni soňky 30 ýylda rekord dereje aşaklamadan soňra ýokarlanyp başlady

Sişenbe güni nebitiň bahalary duşenbede ýitiren birnäçe derejelerini yzyna aldy. «Brent» nebitiniň bahalary 7 göterim ýokarlanyp, 37 dollara golaýlady. «WTI-niň» bahalary 6,5 göterim ýokarlanyp, barreli üçin 33,17 dollara ýetdi. Emma eger-de Saud Arabystanynyň nebit çykarylyşyny artdyrjakdygy hakynda täze maglumatlar peýda bolsa, onda bu durnuklaşma wagtlaýyn bolup biler. Citigroup-yň analitikleriniň ýazmagyna görä, bahalar 30 dollardan aşak düşüp...

2014