Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň işleriniň jemi jemlendi

8-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasay M.Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat maslahaty geçirildi. Onda pudagyň kärhanalarynyň 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri maslahatlaşyldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer Myratgeldi Meredow wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemleri barada habar berdi. Şol mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň jemlerine garaldy,...

Malaý käninde dožim kompressor bekedinde sazlaýyş işleri geçirilýär

Lebp welaýatynyň Malaý gaz käninde gurluşygy alnyp barylýan dožim kompressor bekedinde sazlaýyş işleri alnyp barylýar. DKB-niň taslama kuwwaty ýylda 30 mlrd kub metr gaza barabardyr. Desganyň infrastrukturasyna dožim kompressor bekediniň «A» we «B» bloklary girýär. Bu ýerde barlag-tehniki nokatlaryň bloklary we ýapyk paýlaýjy enjamyň bloklary we beýlekiler ýerleşdirilendir. 2018-nji ýylda türkmen gazynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmengaz»...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanyna ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, žurnalistleriň makalalary ýerleşdirildi. Žurnalda wagt yzygiderliliginde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bolup geçen has möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara gysgaça syn berilýär. Makalalaryň birnäçesi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ileri tutulýan wezipelerinde we gazananlarynda okyjylaryň ünsüni jemleýär, ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem beýleki...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi we toplumy ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň belleýşi ýaly, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106 göterim,...

OPEC+ duşuşygyna baglylykda nebitiň bahalary ýokarlanýar

COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ABŞ-da we Ýewropada ýaýramagynyň haýallap başlandygy baradaky yşaratlardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Dow Jones habar berýär. Bazara gatnaşyjylar OPEC+ döwletleriniň duşuşygyna garaşýarlar. Käbir treýderler bolsa, mümkin, nebit çykarýan döwletleriň çykaryş derejesini azaltmaly boljakdygyna garaşyp, satyn almalary işjeňleşdirdiler, diýip  AxiCorp-yň bilermenleri belleýär. Muňa garamazdan, AxiCorp-yň pikirine görä, OPEC-den we onuň hyzmatdaşlaryndan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we Şotlandiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport - import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 325 müň...

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini saklap galmak üçin çäreleri görmeli

Koronawirus keseliniň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, ýurdumyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe jemi...

Türkmenistan we Gruziýa Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi, bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler...

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri söwda-ykdysady gatnaşyklary dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde koronowirus pandemiýasy şertlerinde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşarky ýagdaýlara...

«Lebapgazçykaryş»: ýanwar-fewral aýlary boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrýarlar. 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda «Lebapgazçykaryş» kärhanasy tarapyndan 1 mlrd 555 mln müň inedördül metr tebigy çykaryldy, meýilnama 141 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, gaz kondensatynyň önümçiligi artdyryldy. Hasabat döwründe «Lebapgazçykaryş» 11,3 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny çykardy, meýilnama 136,5 göterim ýerine...

Gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginde alnyp barylýar

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnama müdirligi Mary welaýatynyň çäklerinde ilatly ýerleri gaz bilen üpjün etmek, dürli basyşly gaz geçirijileri gurmak we abatlamak boýunça gurnama işlerini ýokary derejede amala aşyrýarlar. Gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli we üstünlikli ýerine ýetirmek üçin müdirligiň ygtyýarynda zerur bolan enjamlar, mehanizasiýa we ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler bar. Welaýatyň çäklerinde tejribeli hünärmenler gaz turbalarynyň...

The Wall Street Journal: Saud Arabystanynyň nebiti hiç kime gerek däl boldy

Saud Arabystany Russiýa bilen baha söweşiniň çäklerinde 1-nji aprelden başlap, nebitiň önümçiligini artdyrdy, emma dünýä bazarynda islegiň pes şertlerinde ol hiç kime gerek däl boldy, diýip The Wall Street Journal neşiri çeşmä salgylanyp ýazýar. Aprel aýynda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygynyň hereket ediş güýji tamamlandy. Er-Riýad wada edişi ýaly, önümçilik kuwwatlyklaryny günde 12 million barrelden...

Nebitiň bahalary aşaklamadan soňra az-kem gymmatlap başlady

Nebitiň bahalary 2002-nji ýyldaky minimuma düşeninden soňra sişenbe güni irden 5 göterim aralygynda ýokarlanyp başlady. Muňa söwdalaryň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Praým habar berýär. «Brent» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahalary 1,05 göterim ýokarlanyp, 23 dollara deň boldy. Onuň iýundaky fýuçersleriniň bahasy 1,67 göterim ýokarlanyp, 26,85 dollara deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 5,13...

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 304,6 mlrd kub metr «mawy ýangyç» iberildi

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilen döwründen şu ýylyň 7-nji martynda çenli ýagdaýa görä, Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 304,6 mlrd kub metre barabardyr, diýip Sinhua agentligi habar berýär. 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gaz geçiriji boýunça Merkezi Aziýadan Hytaýa 7,6 mlrd kub metr tebigy gaz  eksport edildi. Şol bir wagtda «Sinhua» agentliginiň nygtaýşy ýaly, Merkezi...

Nebitiň bahalary 5-6 göterim aşaklaýar, «Brentiň» bahasy - $23,37

Nebitiň bahalary duşenbe güni söwdalaryň barşynda görnetin aşaklady. «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 23,37 dollara deň boldy. Bu görkeziji ondan öňki söwda günündäkiden 6,26 göterim aşakdyr, diýip INTERFAKS habar berýär. «WTI-niň» bahasy 5,02 göterim arzanlap, 20,43 dollara çenli aşaklady. Deslapky söwdada onuň bahasy 4,8 göterim aşaklapdy. Şertnamalaryň ikisi hem bäş hepdäniň netijeleri boýunça aşaklamagyny dowam etdi. Aýyň...

2014