Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy kämilleşdirilýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen anna güni geçiren nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologiki maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Polipropilen we EСO 93 belgili awtobenzin («Türkmengaz» DK) Russiýadan we Owganystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary...

Türkmenistan we Günorta Koreýa wideoaragatnaşyk arkaly Işewürler geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taslamalaryny maslahatlaşdy

Şu gün Aşgabatda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Maslahatyň barşynda gazhimiýa desgalaryny we deňiz suwunyň arassalanmagy boýunça zawodlaryň gurluşygy, gämi gurluşygy we deňiz tehnikalary ulgamynda, şeýle-de maglumata ygtyýarlyk merkezleriniň döredilmegi we demirýol ulgamynyň hünärmenleri üçin okuw sapaklarynyň...

Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiligini we eksportyny artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän nebit önümleriniň önümçiliginiň depginini we olaryň eksport möçberlerini barha artdyrýar. 2020-nji ýylyň geçen üç aýynda SNGIZ-de 135,5 müň tonna önüm gaýtadan işlenildi. Geçen döwürde benziniň önümçiligi 68,3 müň tonna barabar boldy, önümçilik meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi. Birinji çärýekde dizel ýangyjynyň önümçiligi 40 müň tonna deň...

BSG girmegi Türkmenistana bäsdeşlik artykmaçlyklaryny peýdalanmagyna mümkinçilik berer: Hökümet topary

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar. Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli...

HSB eksport harytlarynyň wirtual sergisini gurnamakda Türkmenistana ýardam berer

Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň...

Bag ekmek boýunça çäreler dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýazky bag ekişlik çäreleri dowam edýär. «Daşoguzgazüpjünçilik» we «Daşoguzgazçykaryş» müdirlikleriniň işgärleri hem bu ählihalk çäresinden çetde durman, bag ekmek çäresine işjeň gatnaşýarlar. 150 sany awtomobile hyzmat etmäge ukyply Daşoguz-Köneürgenç AÝGB-niň töweregindäki çäklerde miweli we pürli agaç nahallarynyň dürli görnüşleri oturdyldy, dikeldiş işleri geçirildi. Bag nahallary oturdylan ýerlerde damjaly suwaryş ýola goýuldy....

«Türkmennebit» DK: goşmaça çykarylýan nebitiň möçberleri artdyrylýar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk hem ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitçileriniň öňünde täze känleri işläp taýýarlamagy çaltlandyrmak, ulanyşdaky meýdançalaryň öndürijiligini artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny toplumlaýyn mehanizirlemek we awtomatlaşdyrmak ýaly wezipeler durýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki känleri özleşdirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde «Türkmennebit» DK-nyň geçiren degişli işleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt...

Türkmenistan eksport mümkinçiliklerini wirtual sergide görkezer

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi. Häzirki döwürde elektron sergi internet ulgamynda giňden ýaýrandyr....

Türkmenistanyň Prezidenti: önümçilik we eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak — ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan wezipesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda nebitgaz pudagynyň möhüm meselelerine garaldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şotlandiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 325 müň dollaryna deň boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan...

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň döwletlerini söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyny saklamaga çagyrdy

Häzirki şertlerde döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnukly bolmagyny üpjün etmek zerur, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň    koronawirus pandemiýasyna garşy durmakdaky tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatynda eden çykyşynda belledi. Türkmenistan ýakyn gatnaşyk edýän hyzmatdaşlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletleri bilen bu gatnaşyklaryň yzygiderli, özara haryt ibermek...

«Maryşähergaz» gazyň sarp edijilere bökdençsiz we howpsuz ýetirilmegini üpjün edýär

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Maryşähergaz» gaz hojalyk kärhanasynyň işgärleri zerur bolan ähli çäreleri geçirýärler we meýilnamanyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Kärhanada gaz hojalygyny howpsuz ulanylmagynatehniki gözegçiligi geçirmek üçin zerur bolan infrastruktura we önümçilik binýady döredildi. Gazyň üznüksiz berilmegini üpjün etmek üçin kärhananyň işgärleri tarapyndan gazüpjünçilik ulgamlarynyň ulanylyşynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrýan dürli...

«Türkmennebit» DK-nyň serwis hyzmaty boýunça müdirligi: meýilnamadan ep-esli öňde

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Serwis hyzmaty boýunça müdirligi guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatlaryň giň toplumyny amala aşyrýar. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleriň işi we iş prosesleriniň netijeli gurnalmagy hem  hut şu ugra gönükdirilendir. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen puluň möçberi 4 mln 734 müň manada deň boldy, şol wagtda meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi 108,8 göterim...

Türkmennebit» DK-nyň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri wideomaslahat geçirdiler

8-nji aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň edara binasynda konserniň hem-de «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen wideomaslahatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda...

2014