Habarlaryň arhiwi (2020-6-5)

HNGU-nyň selektiw pakerleri nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmaga ýardam eder

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenilýän nebit guýularynyň aglabasy ownuk plastlardan ybaratdyr. Bu bolsa olary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary döredýär. Öndürijilikli plastlaryň suwlulygynyň ýokary bolmagy, şeýle hem beýleki şertler nebit guýularynyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Çykarmasy kyn çig mallary işläp taýýarlamak, guýulary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak nebit çykarylyşyny artdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaklygy talap edýär. Nebitiň çykarylyşyny işjeňleşdirmek maksady...

«ENI» italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen...

2014