Habarlaryň arhiwi (2020-6-25)

Türkmenistanyň AÖB we ÝAÖB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň we Aziýanyň Ösüş Bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag we beýleki ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Hususan-da, 23-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň...

TNGIZT-de ýol bitumynyň häsiýetlerini gowulandyrmak boýunça Himiýa institutynyň täze oýlap tapyşy tanyşdyryldy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) düzüminde köp parafin saklaýan nebitden alynýan ýol bitumynyň häsiýetlerini gowulandyrmagyň usulynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Täze serişde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işläp taýýarlanyldy we TNGIZT-iň geljekki ösüş maksatnamasyna girizildi. Türkmen alymlarynyň bu oýlap tapyşy ulag akymlarynyň artýandygy sebäpli gara ýollaryň asfalt-beton örtükleriniň ulanylyş häsiýetlerine bolan talaplaryň ýokarlanýandygy bilen berk...

2014