Lebap welaýatynyň günortasynda «Täjibaý» atly täze gaz käni senagat taýdan işlenilmäge girizildi. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri bu ýerde «mawy altyn» çykarmaga başladylar. Ilkinji gazly guýudan onlarça million kub metr gymmatly çig mal alyndy. Şol bir wagtyň özünde barlag guýylarynyň ýene üçüsi gazylýar. Ýakyn ýyllarda täze guýylary ulanmaga bermegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylyşy ep-esli artar. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu...