Türkmenistanda koronawirus bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen brifingde aýdyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Ýurdumyza ýiti wirus ýokanç keselleriň, hususan-da,  COVID-19 koronawirusynyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilen çärelere bagyşlanan brifingde daşary...