Uglewodorodlaryň bazarynyň diwersifikasiýasy we energiýa söwdasyna ýardam etmeklik Aziýa ösüş bankynyö Türkmenistan bilen geljek üç ýyl üçin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar. Bu AÖB-niň 2020-2022-nji ýylllarda Türkmenistan üçin ýurt meýilnamalarynyň işewür meýilnamasynda çap edildi. Goldaw bermegiň beýleki ugurlarynyň hatarynda bazarlaryň arabaglanyşygyny gowulandyrmak we hususy pudagy ösdürmek üçin ulag infrastrukturasyna maýa goýumlaryň hasabyna uglewodorod däl toplumlaryň...