Habarlaryň arhiwi (2020-3-12)

Türkmengaz» Marokkonyň we BAE-niň kompaniýalary bilen 1 million tonna kükürdi satmak hakynda Şertnama baglanyşdy

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «OCP S.A.» (Marokko Patyşalygy) we «Sun International FZE» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda Şertnama gol çekildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sişenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu şertnama türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna saparynyň dowamynda gol çekildi. Bu...

OPEC bazar ugrunda göreşde nebitiň çykarylyşyny 2020-nji ýylda – 0,5 mln b/g, 2021-nji ýylda 0,2 mln b/g artdyrar - EIA

OPEC 6-njy martda geçen OPEC+ mejlisiniň netijeleri boýunça dünýäniň nebit bazaryny deňagramly ýagdaýa getirmegi däl-de, onuň bir paýyny eýelemegi maksat edip goýar. Bu barada INTERFAKS ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň energetika maglumatlary müdirliginiň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär. EIA-nyň çaklamagyna görä, 2020-nji ýylyň aprel-dekabr aýlarynda OPEC döwletlerinde nebitiň ortaça günlük çykarylyşy birinji çärýekdäki 28,7 mln b/g bilen...

2014