Habarlaryň arhiwi (2020-3-10)

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň...

Türkmenistanyň hökümet mejlisinde 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz pudagynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda...

Nebitiň bahalary duşenbe güni soňky 30 ýylda rekord dereje aşaklamadan soňra ýokarlanyp başlady

Sişenbe güni nebitiň bahalary duşenbede ýitiren birnäçe derejelerini yzyna aldy. «Brent» nebitiniň bahalary 7 göterim ýokarlanyp, 37 dollara golaýlady. «WTI-niň» bahalary 6,5 göterim ýokarlanyp, barreli üçin 33,17 dollara ýetdi. Emma eger-de Saud Arabystanynyň nebit çykarylyşyny artdyrjakdygy hakynda täze maglumatlar peýda bolsa, onda bu durnuklaşma wagtlaýyn bolup biler. Citigroup-yň analitikleriniň ýazmagyna görä, bahalar 30 dollardan aşak düşüp...

2014