Siziň ähliňizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin – diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda aýdylýar. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny senagat taýdan...