Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň hünärmenleri ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän önümleriň önümçilik möçberlerini artdyrýarlar. Zawodda öndürilýän ýol bitumy materiallaryň hiline ýokary talap bildirilýän ýol-gurluşyk toplumynyň kärhanalary tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Tehnologik mümkinçilikleriň artdyrylmagy SNGIZ-niň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. zawod innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna ägirt uly üns berýär. Bu ýerde 2015-nji ýylda Westport...