Habarlaryň arhiwi (2020-6-2)

Prezident Türkmenistan — Owganystan – Pakistan energiýa geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda duşenbe günni geçiren iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşiň durnukly ýokary depginini saklaýandygyny we diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň...

OPEС+ boýunça oňaýly yşaratlara garaşmanyň netijesinde nebitiň bahalary ýokarlanýar

Nebiti öndüriji döwletleriň Russiýa we Saud Arabystany bilen bilelikde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligiň häzirki derejesini 1-nji sentýabra çenli uzaldyp bilmek mümkinçiligi baradaky habarlaryň çäginde nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Interfaks belleýär. OPEC+ ministrleriniň duşuşygy 4-nji iýundan 9-njy iýuna süýşürildi, diýip The Wall Street Journal neşiri çeşmelere salgylanyp habar berdi. «Brent» söwda belgili nebitiň awgust boýunça fýuçersleriniň bahasy sişenbe güni...

2014