Habarlaryň arhiwi (2020-5-28)

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

27-nji maýda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezidentler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy...

«Total» kompaniýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew,  «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti S.Mişel...

2014