Habarlaryň arhiwi (2020-6-22)

Prezident: ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesi — maýa goýumlary, öňdebaryjy dünýä tejribesini we döwrebap tehnologiýalary çekmek

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bölümleriniň düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagyndaky ýataklardan nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly halkara täjirçilik...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň...

2014