«Abraýly dostlar» hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Dürli reňkdäki we görnüşdäki ýokary hilli sapaklar Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan peýdalanylyp öndürilýär. Sapaklary taýýarlamak işi Awstriýanyň SML  kompaniýasynyň döwrebap enjamynda amala aşyrylýar. Taýýar önüm kärhananyň öz barlaghanasynda «ZwickRoell» nemes kompaniýasynyň enjamlarynda, şeýle hem garaşsyz guramalarda yzygiderli hil barlagynda geçirilýär. Iň...