Habarlaryň arhiwi (2020-5-6)

YHG döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri COVID-19 pandemiýasy şertlerinde ykdysadyýeti goldamagyň çärelerini maslahatlaşdy

Wideokonferensiýa görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat edarasyna agza-döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary duşuşygynda COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilen ykdysady şertlerde işewürligi goldamak hem-de bu ýagdaýy nazara almak bilen YHG girýän ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy, bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de sebit we...

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde Russiýa Türkmenistanda öndürilen önümler iberildi

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Türkmenistan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Russiýa Federasiýasyna ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleri iberdi. Olaryň hatarynda — azyk önümleri, harytlar we materiallar bar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistandan harytlaryň tapgyrlaryny Russiýa ibermäge görülýän taýýarlyk barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we rus halklaryny uzak...

2014