Habarlaryň arhiwi (2020-5-22)

«Türkmengaz» Gyýanlydaky polimer zawodyň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserni Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy meýilleşdirýär. Maý aýynda konsern bu zawodda izobutan önümçilik blogyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. «Türkmengaz» şu ýylyň mart aýynda bu kärhanada tebigy gazyň peýdalanylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerine ilkinji gezek halkara bäsleşigini yglan etdi. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizlen bu toplumyň önümçilik kuwwatlygy ýylda 5 milliard kub...

Hytaýyň ýaramaz yşaratlarynyň netijesinde nebitiň bahalary aşaklaýar, «Brent» 34,4 dollara çenli aşak düşdi

Alty hepdeden bäri iň ýokary görkezijisine ýeten nebitiň bahalary anna güni ýene-de aşaklaýar, diýip Interfaks habar berýär. Hytaýyň koronawirus epidemiýasy zerarly jemi içerki önüminiň ösüş depgini üçin 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek maksatlaýyn görkeziji bellemejekdigi baradaky habary bazara ýaramaz täsir etdi. Mundan başga-da, HHR-niň Gonkongyň milli howpsuzlygy barada kanunçylyk namasyna gaýtadan seretmek isleýändigi baradaky beýanatyndan soň...

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary: ugur önümleri eksport etmek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar. 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem döwlet Baştutany ýene-de bir gezek bu babatda durup geçdi we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu wezipäni çözmekde nebitgaz senagatyna möhüm orun degişlidir. Netijede, Türkmenistanyň...

2014