Habarlaryň arhiwi ()

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, binýatlyk ýagy, awtomobil benzinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Özbegistandan we Owganystandan gelen täjirleriň, plastik...

OPEK gaznasy Türkmenistanda hususy telekeçilik taslamalary üçin $10 mln maýa goýar

OPEK Halkara ösüş gaznasy Türkmenistandaky hususy telekeçilik taslamalaryny maliýalaşdyrmak üçin ABŞ-nyň 10 million dollar möçberindäki maýa goýumlary goýar. Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet daşary ykdysady iş bankyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berýän...

Prezident: Dubaýda geçiriljek forumlar dünýäniň iri maýa we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly penşenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 24-25-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk ar alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow bu...

«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine edilen işler barada hasabat berdi

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykda dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri...

Azerbaýjan we Gruziýa Türkmenistanyň nebit önümlerini üstaşyr geçirmegiň nyrhlaryny arzanlatdy

Türkmenistanyň nebit önümleriniň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen üstaşyr geçirilmegi täze nyrhlar boýunça amala aşyrylar. Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demir ýol kompaniýalary Türkmenistanyň nebit önümleriniň aşaklandyrylan nyrhlarda möwsümleýin üstaşyr geçirilmegi hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, diýip «Gruzin demir ýollary» PJ-niň metbugat-gullugy habar berýär. Habar berlişi ýaly, gepleşige gatnaşyjylar türkmen nebitini we nebit önümlerini daşamak üçin ýeke-täk nyrh meselesini...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň we RF-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary soňky ýyllarda ähli ulgamlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de döredilen ygtybarly şertnamalaýyn –hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýanyň uzakmöhletleýin esasda giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň möhümligini belledi

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugrudyr. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sişenbe güni geçirilen iş maslahatynda belledi. Şol sanda Ministrler Kabinetiniň orunbasary M.Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça...

Pudaklaýyn ýygnakda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 2019-njy ýyl boýunça jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň kärhanalarynyň geçen 2019-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Serdar Gubaýewe söz berdi. Onuň çykyşynda ýurdumyzyň ykdysady we sosial ösüşine ýaramaz täsir edýän korrupsiýa we düzgün bozmalara garşy göreş...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we peç ýangyjyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den we beýleki ýurtlardan...

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar aýy boýunça jemleri jemlenildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy...

Türkmenistan we Sankt-Peterburg 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk boýunça ýol kartasyna gol çekdiler

Aşgabatda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli wekiliýeti bilen netijeli gepleşikler geçirildi. 13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özarahereketleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde möhüm...

Uzynada: nobatdaky guýudan gazyň senagat akymy alyndy

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşen Uzynada känini özleşdirmek işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. №8 gözleg guýusyndan 7000 metr çuňlukda «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli amala aşyrdylar. Häzirki zaman buraw enjamlarynyň we desgalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy diňe bir tebigy gazyň akymyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, iri möçberli...

Nebitçileriň zähmet üstünlikleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň nebit pudagynyň ösmegine düýpli goşant goşmak bilen ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda konsern boýunça nebit önümçiligi 318,2 müň tonna «gara altyna», şeýle hem 376 mln kub metr «mawy ýangyja» barabar boldy. Bu sanlar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende düýpli ýokarydyr. Şol bir wagtda, «Goturdepe» nebit...

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonson bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda belledi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň milli...

Ýangyç-energetika toplumynyň 2019-njy ýylda ösüşiniň jemleri jemlenildi we ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň jemleri jemlenildi. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak,...

2014