Habarlaryň arhiwi (2020-5-12)

Dört aýyň jemlerine garaldy

12-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň edara-kärhanalarynda 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda üstümizdäki ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde...

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 6,3 göterim boldy

2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüşi 5,5 göterim artdy. Bu barada anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow habar berdi. Bölek satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,5 göterim köpeldi. Şu...

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ýanwar-aprel aýlary boýunça netijeleri jemlenildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň 2020-nji ýylyň dört aýy boýunça ösüşiniň netijeleri jemlenildi. Hususan-da, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew hem-de döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz...

2014