Geçen ýyl Ýaşyldepe käninde gazylyp alnan nebitiň möçberi 200 müň tonna ýetip, göz öňünde tutulýan meýilnamadan köp alyndy. Ýaşyldepede zähmet çekýän hünärmenler şu ýyl hem görkezijini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Ýaşyldepe nebit ýatagy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna (SNGIZ) çig maly ugradýan öňdebaryjy kändir. Ýylyň başyndan bäri kärhana 10 müň tonna çig...