Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gazçykaryş müdirliginiň işgärleri üçin iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. täze jaýlaryň açtktşy Halkara Bitaraplyk gününe we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlandy. Ýaşaýyş toplumy Bugdaýly obasynyň çäginde ýerleşýär. Jaýlaryň daşky bezegi özüne çekiji dizaýna eýe, otaglaryň tämizligi we ýagtylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Her birinde...