Habarlaryň arhiwi (2020-5-14)

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdy. Ylmy-amaly maslahat alty sany mowzuklaýyn bölümçelerde geçirildi. Olarda 170-e golaý çykyşlar diňlenildi. Bölümçeleriň mejlisinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde milli hukuk ulgamynyň orny beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny ata-babalarymyzdan gelýän demokratik...

Türkmenistan we BAE işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...

2014