Çelekbaý meýdançasyndaky 1-nji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Çelekbaý meýdançasyndaky 1-nji gözleg guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Netijede bu ýerde 4548-4556 metr çuňlukdan ýokary basyşly tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu guýy günde 1 million kub metr tebigy gaz berer.

— Bu zähmet üstünligi gönüden-göni 1-nji gözleg guýusynda zähmet çekýän işgärleriň üstünligidir. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ähli kärhanalary ýaly biziň müdirligimiz hem Hytaýda öndürilen häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edildi. Şolaryň hatarynda ýokary öndürijilikli buraw enjamlary bar. Müdirligiň ýokary tehniki üpjünçiligi öz gezeginde ýokary derejeli zähmet üçin ähli şertleri döredýär – diýip, «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň baş geology Ýazmuhammet Yrzaýew belleýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri Mary welaýatynyň Derwezeken meýdançasyndaky 5-nji gözleg guýusynda 4 müň 100 metr çuňluga çenli burawladylar we barlag işlerine başladylar.

Şeýle hem müdirligiň geologlary Galkynyş we osman känleriniň meýdançalarynda gözleg işlerini geçirýärler.

Meňzeş täzelikler

2014