Aşgabady gurmagyň 14-nji tapgyrynyň dabaraly açylyşy boldy

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we G.Ezizow köçeleriniň aralygynda bina edilen täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde iki hatarda ak mermerli belent jaýlaryň - 12 gatly 44 we 66 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si peýda boldy. Olar birinji gatlarynda senagat we azyk harytlary dükanlary bolan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlardyr, şeýle hem bu ýerde täze jaýlaryň ýaşaýjylary üçin 160 orunlyk çagalar bagy guruldy.

Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin hem ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy. Bu belent binanyň açylyş dabarasyna toplumyň işgärleri, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň tans toparlary we sungat işgärleri gatnaşdylar.

2015-nji ýylyň ýanwarynda başlanan bu desganyň gurluşygynyň buýrujysy «Türkmennebitgazgurluşyk»  döwlet konserni bolup durýar. Bu taslamany durmuşa geçirmeklik bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Dowamat» HJ hususy gurluşyk kompaniýasyna ynanyldy.

12 gatly 66 öýli bu jaý hem-de oňa ýanaşyk ýerler 1,61 gektar çäkde ýerleşdi. Beýleki ýaşaýyş jaýlary ýaly, bu jaý hem awtoulaglar üçin ýerasty awtoduralga bilen üpjün edildi, onuň ýanaşyk ýerlerinde ýaşyl zolaklarda çagalar üçin oýnalýan meýdança we sport meýdançasy enjamlaşdyryldy, dürli dabaralary geçirmek üçin aýratyn desga göz öňüne tutuldy. Bir söz bilen aýdylanda, nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýokary derejede ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilipdir.

Aşgabady gurmagyň 14-nji tapgyrynyň, hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurduň türkmenistanlylaryň durmuş-hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň mysalydyr.

Meňzeş täzelikler

2014