Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilen – «Çalyk Enerji» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk

Ýurdumyzda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin iň amatly şertleriň döredilýär. Bu barada «Çalyk Enerji»  kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk Aşgabadyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak taslamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň toplumynyň 18-nji oktýabrda açylyş dabarasynda beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda energetika düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän yzygiderli çäreler elektrik energiýasynyň önümçiliginiň artmagyny hem-de pudagyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Enerji» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolan desgalar toplumynyň gurluşygynyň döwlet Baştutanynyň uly üns bermeginde amala aşyrylandygyny nygtady.

Ahmet Çalyk 2013-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen pudaklaýyn Konsepsiýanyň çäklerinde durmuşa geçirilen bu taslamanyň ak mermerli türkmen paýtagtynyň energiýa üpjünçilik derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi inžener-tehniki ulgamy, hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda «SCADA»  dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak arkaly Aşgabadyň elektrik energetika düzümini döwrebaplaşdyrmakda möhüm tapgyr boldy.

Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda  dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen energetik desgalarynyň toplumyny açmak we işe girizmek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014