Türkmenistan we Bütindünýä banky maliýe we makroykdysady ulgamlarda geňeş hyzmatlaryny bermek hakynda ylalaşdylar

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda  maliýe we makroykdysady ulgamlarda tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Gol çekmek dabarasy Waşingtonda Bütindünýä bankynyň toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň we Halkara walýuta gaznasynyň her ýylda bolýan mejlisiniň çäklerinde geçdi.

Bu resminamada geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler işewürlik ugrunyň özgerdilmegine we bank pudagynda köpçülikleýin dolandyryş usulyna goldaw bermäge, karz hasabatlylyk ulgamyny işläp taýýarlamaga, puluň bikanun harçlanmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy göreş ulgamynda töwekgelçilige milli baha bermek usulyny geçirmäge we makroykdysady statistikanyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Şeýle hem Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hususy maliýe edaralaryna we kompaniýalaryna maýa goýum serişdelerini bermek hem-de maslahat bermek hyzmatlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Gol çekmek dabarasynda Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti jenap Siril Mulleriň belleýşi ýaly, «Resminama  Türkmenistanyň ýurduň maliýe ulgamynyň derejesini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmaga we makroykdysady hasabatlylygy halkara ülňülerine laýyk getirmäge bolan ulgamlaýyn  çemeleşmelerine şaýatlyk edýär».

Öz gezeginde, Bütindünýä bank toparynyň Merkezi Aziýa boýunça Halkara maliýe korporasiýasynyň sebitleýin menejeri Moazzam Mekan ýerli banklaryň üsti bilen, şeýle hem göni maýa goýum serişdeleri we ýurdumyzyň orta we iri telekeçileri üçin geňeş hyzmatlaryny ýola goýmak arkaly kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini gözlejekdigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde Bütindünýä bank toparynyň karz serişdelerini bermegiň we beýleki maliýe gurallaryň hasabyna daşary ýurt maýa goýum serişdelerine göni goldaw bermäge taýýardygy mälim edildi.

Meňzeş täzelikler

2014