General Electric Power kompaniýasynyň tehnologiýalary tebigy gazdan rejeli peýdalanmagy üpjün eder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň dünýä belli General Elektriс Power kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA ýurtlary we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti jenap Rikardo Kordoba hem-de Chalyk Holding kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň elektrik energetika düzümini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap işläp taýýarlamalaryň we täze ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmagyň esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça geljegi uly meýilnamalary nazarlap, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

R.Kordoba, General Elektriс Power  kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we möhüm  düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyň uly buýsançdygyny we mertebedigini belledi. Işewüriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň köp möçberiniň General Elektriс Power  kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna öndürilýär.

Chalyk Holding kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa General Elektriс Power kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda täze elektrik beketleriniň gurluşygyndaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany ýurtda ilkinji taslama bolan Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde utgaşykly bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň barşy bilen tanşyp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalaryny gurmak, elektrik energiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde bu desganyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda General Elektriс Power kompaniýasynyň täjirçilik wise-prezidenti we Chalyk Holding kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Häzirki wagtda General Electric Power we Chalyk Holding kuwwatlylygy 1574 MWt bolan kombinirlenen tapgyrly Türkmenistanda ilkinji gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygyny alyp barýarlar. Şertnama laýyklykda, desgany ulanyşa girizmeklik 2018-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.

Ýylda 12,6 mlrd kWt/s elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen kombinirlenen tapgyrly täze guruljak elektrik bekedi täze nesliň inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryna degişlidir. Elektrik bekedinde dört sany gaz turbinalary, bug öndürmäge niýetlenilen dört sany utilizator-ojaklary, iki sany bug turbinalary we beýleki enjamlar oturdylar.

Ýönekeý tapgyryň elektrik beketleri bilen deňeşdireniňde şu hili elektrik beketleri PTK-synyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Bug-gaz elektrik beketleriniň ýene-de bir artykmaçlygy 1 kilowat elektrik energiýasyny öndürmek üçin tebigy gazyň diýseň az mukdary gerek, üstesine-de, atmosfera zyňylýan kömürturşy gazyň möçberi hem 2-3 esse azalýar. Bu bolsa ekologik nukdaýnazardan örän ähmiýetlidir.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 17 ýylynda General Electric 9E kysymly gazturbina desgalarynyň 14-sini, 6B kysymly gazturbina desgalarynyň 6-syny we LM6000 kysymly gazturbina desgalarynyň 9-syny enjamlaşdyrdy. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar aralygynda döwür üçin milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň dürli welaýatlarynda jemi kuwwatlylygy 3 müň 854 MWt-a barabar boljak 14 sany gazturbina elektrik beketlerini gurmak meýilleşdirildi.

Meňzeş täzelikler

2014