Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

14-nji sentýabrda Aşgabatda bolup geçen Ýaşulularyň maslahaty taryhy waka beslendi — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak  hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Esasy Kanunyň rejelenen görnüşi täze maddalaryň 28-sini, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýar. Döwletimiziň garaşsyzlygy, hemişelik bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýeti baradaky we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy beýleki düzgünleri üýtgewsiz galýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Biz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini Esasy Kanunymyzda berkitmegi maksat edindik, diýip türkmen Lideri belledi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, ýurduň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar iki ýylyň dowamynda netijeli işledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň işlenip taýýarlanan täze rejelenen görnüşiniň taslamasy şu ýylyň fewralynda ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin  köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi. Konstitusion topara, Türkmenistanyň Mejlisine, döwlet edaralaryna şu taslama boýunça müňlerçe teklipler we bellikler gelip gowuşdy. Geçirilen bu işleriň netijesinde, gelip gowşan teklipleriň köpüsi döwletimiziň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň gutarnykly tekstinde öz beýanyny tapdy.

Konstitusion toparyň öňünde Konstitusiýanyň kadalaryny özygtyýarly Türkmenistanyň goşulyşan hem-de tassyklan halkara resminamalarynyň düzgünlerine we kadalaryna laýyk getirmek, şeýle hem konstitusion gurluşyň öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we nazara almak wezipesi goýuldy. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasynyň BMG-niň, ÝHHG-niň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) we beýleki halkara düzümleriniň bilermenleri bilen hyzmatdaşlykda we olaryň tekliplerini göz öňünde tutmak bilen taýýarlanylandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Bellenilişi ýaly,  Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, şahsyýetiň we döwletiň özara jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetiň bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine doly geçirilmegi üçin hem hukuk mümkinçiliklerini açýar. Taslama, bulardan başga-da, birnäçe konstitusion täzelikler girizildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda beýan edilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesini  has doly möçberde berkitdi. Onda  adamy goramak we goldamak hem-de oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň esasy wezipesi  hökmünde berkidildi.

Meňzeş täzelikler

2014