Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, polipropileni we nebit koksyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanan dizel ýangyjyny, şeýle hem “B” kysymly (“Türkmenhimiýa” DK) karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna ýüplük, nah mata we pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 309 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler 210 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 189 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014