Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň taslamalary maslahatlaşyldy

Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň nebitgaz, ulag we senagat pudaklarynyň wekilleri girýär.

Mejlisde bellenilip geçilişi ýaly, bu resminamalar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwlet Baştutanlarynyň IV Sammitinde beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Hazar sebiti döwletleriniň özara söwdasynyň möçberleri eýýäm şu günlerden uly görkezijilerde öz beýanyny tapýar, emma ätiýaçlygyň ägirt uly köpugurly mümkinçiliklerini nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Ulag ulgamynda yklym ähmiýetli iri kommunikasion merkezi hökmünde Hazar deňziniň mümkinçiliklerini düýpli peýdalanmak strategik ugurlaryň biri hökmünde bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýbünden täze gurluşyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şol döwletleriň çäkleri Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan tebigy geografik giňişlik bolup durýar hem-de «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we söwda ýollarynyň netijeli hereket etmegini üpjün edýär.

Şuny nazara almak bilen, Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasy işlenip  taýýarlanylýar. Ol bu möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy iş ýüzünde amala aşyrmagyň elementleriniň biri hökmünde Hazar sebit ulag-logistik merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Şu günki mejlisiň barşynda hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berildi. Bu forum hazarýaka ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrülip, dünýäniň işewürleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidir.

Meňzeş täzelikler

2014