Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda TOPH gaz geçirijisiniň orny nygtalyp geçildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde «Sebitleýin düzümler» (RI-СBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň pres-relizinde habar berilýär.

Öz düzüminde 14 sany gatnaşyjy ýurtlary şeýle hem özüniň gün tertibini goldaýan 16 sany ýurdy we 12 sany sebit hem-de halkara guramalaryny birleşdirýän Stambul prosesi 2011-nji ýylyň noýabrynda Owganystany dikeltmäge ýardam bermegiň üsti bilen sebitleýin kynçylyklaryny çözmekligiň gurallaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredildi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ýa-da Ynamy berkitmek çäreleri öz düzümine terrorçylyga we neşelere garşy göreş, tebigy heläkçilikleriň öňüni almak we netijelerini ýok etmek, infrastruktura, söwda we bilim ulgamlarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlary alýar.

Şeýle hem pres-relizde Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen bilelikde 2012-nji ýyldan bäri «Sebit infrastrukturalary» atly Ynamy berkitmek çärelerine baştutanlyk edýär. Bu çärelere birnäçe iri sebitleýin taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň we elektrik geçirijileriň gurluşygy girýär.

«Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyna uly goşandyny we Owganystanda infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak boýunça geçirýän çärelerine oňyn baha berdiler. Hususan-da Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ep-esli ilerlemegi boýunça Türkmenistanyň öňdebaryjy tagallalaryny bellediler» diýlip bellenilýär.

Pres-relizde şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň duşuşyga gatnaşyjylara iberen haty getirilýär: «Owganystandaky uzak möhletleýin howpsuzlyk we durnuklylyk bütin ÝHHG-niň sebitindäki howpsuzlyga gönüden-göni täsir edýär. Gurama Owganystanda howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegi üçin öňe sürülýän sebitleýin başlangyçlara ýardam edýän dürli çäreleri geçirýär. Şu duşuşyk hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Türkmenistanyň Hökümetine «Stambul prosesi» atly  Owganystana ýardam bermek boýunça Ynamy berkitmek çäreleriň çäginde «Sebit infrastrukturalary» (RI-CBM) atly çärelere gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň başlyklyk ediji hökmünde goldaw bermek boýunça taslamasynyň çäginde gurnaldy».

Şu nukdaýnazardan, Merkeziň bu ugurda goldaw bermegini dowam etmäge taýýardygy aýan edilýär, diýlip pres-relizde bellenilýär.

Meňzeş täzelikler

2014