Türkmen hünärmenleri “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň çagyryşy boýunça Koreýada boldular

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda Koreýanyň “Hyundai Engineering” kompaniýasy tarapyndan “Kebşirleýji tehnologiýalaryň okuw merkezi” açyldy. Bu merkez gurluşyk tokaýlary we kebşirleýji işleri üçin hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilip, ol taslamalaryň has-da netijeli amala aşyrylmagyna ýardam berer.

Koreýanyň gurluşyk tejribesi bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanda açylan “Kebşirleýji tehnologiýalaryň okuw merkeziniň” 3 sany tapawutlanan hünärmenleri, ýagny Farahat Maduarow, Döwlet Hudaýnazarow, Gurbanmyrat Baýew dagylar Koreýanyň meşhur “Hyundai Engineering” kompaniýasy tarapyndan 23-26 awgusty aralygynda  Koreýada geçirilen okuw seminarynda boldular.   

Saparyň dowamynda biziň hünärmenlerimiz “Hyundai Engineering” kompaniýanyň özüne we iri senagat obýektlerine baryp gördüler, şeýle-de olar Koreýanyň tehnologiýalary we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdylar.  Awgust aýynyň 25-ine hünärmenler Go-Dong Çonno-gu etrabynda ýerleşýän “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň baş edarasyna baryp, kompaniýanyň işi bilen içgin tanyşdylar. Şeýle-de olar kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen bilen hem duşuşdylar.

Mundan başga hünärmenler Çunnam prowinsiýasynyň Sosan şäherinde ýerleşýän Daesan nebit-himiýa toplumyna baryp gördüler, Ýonsan we Dongdemun etraplarynda ýerleşýän Hanok adaty öýlerine we Koreýanyň medeniýeti bilen tanyşmak üçin ýadygärlikleri hem aýlanyp gördüler.

Koreýanyň “Hyundai Engineering” kompaniýasy tarapyndan gurnalan bu sapar türkmen hünärmenlere öz ukyplaryny ösdürmäge, bilimlerini artdyrmaga, koreý kompaniýanyň işi bilen has ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

Türkmenistan Koreýanyň “Hyundai Engineering” kompaniýasy bilen ýangyç-energetika toplumy boýunça hem hyzmatdaşlyk alyp barýar. Koreý kompaniýasy biziň ýurdumyzda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde irileriň hataryna girýän “Galkynyş” gaz känindäki kükürti arassalaýyş zawodynyň gurlyşygyny we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny kämilleşdirmek işlerini amala aşyrdy. Şeýle-de häzirki wagtda möhletinden öň we ýokary hil derejede Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän zawodynyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan we “Hyundai Engineering” kompaniýasy geljekde hem iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen dürli ugurlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlyklaryny ösdürerler. 

Meňzeş täzelikler

2014