Türkmenistan-Gazagystan: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

25-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň senagat hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda türkmen-gazak işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda iki dostlukly döwletiň bolşy ýaly, tutuş sebitiň durnukly ösmegine gönükdirilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeklige gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, hususan-da, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri kesgitlenildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki zaman transmilli ugurlarynyň  çatrygynda ýerleşmek bilen Türkmenistan tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorunda eýe. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän tebigy gazynyň gaz geçirijisiniň bir bölegi dostlukly Gazagystan döwletinden geçýär. Şu nukdaýnazardan, bilelikdäki iri göwrümli taslamalaryň, şol sanda bu günki gün türkmen gazyny Hytaýa ibermäge ýardam edýän transmilli gaz geçirijisiniň, şeýle hem «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» hökmünde ykrar edilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem geljegi hakyndaky pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, gurluşyk materiallaryny öndürmek, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we iýmit senagaty ýaly ulgamlarda däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.

Maslahatyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerinde gurnalýan konstruktiw döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Meňzeş täzelikler

2014