Türkmenistan we Şri-Lanka energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri “Türkmengaz” döwlet konserninde Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap K.A. Rohanadjitha bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Söhbetdeşlikden öň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy A.Begliýew myhmany Türkmenistanda diplopmatik işiniň başlanmagy bilen gutlady hem-de iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. 

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Şri-Lankanyň işewür toparlarynyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan we olary netijeli ulanmak boýunça taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.   

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Respublikasynyň nebitgaz kärhanalarynyň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy myhmana tebigy gazy çykarmak, ugratmak we gaýtadan işlemek babatda konsern tarapyndan amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilýän ugurlary, şeýle hem dünýä bazarlaryna mümkin bolan eksport ugurlar barada habar aýdyldy. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurulýandygy, şeýle hem ýurdumyzyň çäklerinden daşarda turbageçirijini gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.    

Şunuň bilen baglylykda energiýa serişdelerini Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin we ygtybarly ýetirjek TOPH taslamasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Şri-Lanka Hindistan bilen goňşy döwlet bolup, türkmen gazynyň bu sebite iberilmegi energiýa serişdelerine uly isleg bildirýän  Şri-lanka bazary üçin hem gyzyklanma döredýär.    

Söhbetdeşligiň barşynda myhmana Türkmenistanyň gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň geljegi barada hem gürrüň berildi. Bu işler tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemäge we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýan taýýar önümleri çykarmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda iki zawodyň: Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň we Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar.  Şu ýylyň ahyryna çenli täze gazhimiýa toplumlarynyň ýene-de üçüsiniň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Ýakyn ýyllarda bolsa tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýurtda önümleriň 17 görnüşiniň, şol sanda benziniň, dizel ýangyjynyň, kerosiniň, akril süýüminiň, duzly kislotanyň, polistirolyň önümçiligi ýola goýlar.  Olaryň çykaryljak mukdary diňe içerki bazary doly üpjün etmek üçin däl-de, eýsem önümleriň agramly bölegini daşary ýurtlara ibermäge hem ýeter.      

Türkmenistanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýetini we geljegini bellemek bilen, ilçi K.A. Rohanadjitha energetika ulgamynda iki ýurduň kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanda her ýyl geçirilýän halkara gaz kongresleriniň, pudaklaýyn maslahatlaryň we sergileriň ähmiýetini bellediler. Olarda täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döreýär.  

Meňzeş täzelikler

2014