Türkmenistan — energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň tarapdary

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde öňe sürýän esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň neşir eden habarynda beýan edilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmak bilen biziň ýurdumyz bu forumy global meseleleri, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin möhüm tapgyr hasaplaýar.

Makalada bellenilişi ýaly, halkara energiýa ugurlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy hem-de hukuk taýdan goraglylygy bu gün aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen bu meselä umumy kabul ederlikli köptaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerurlygy has aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistan bu mesele boýunça öz garaýşyny beýan etmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara üstaşyr geçirilmeginiň deňhukuklylyk, adalatlylyk esasynda amala aşyrylmaly, ykdysady we söwda babatda esaslandyrylan bolmaly diýen berk ynamdan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan anyk kesgitlenen ýörelgeler esasynda hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklara taýýardygyny beýan edýär. Türkmenistan Energetika hartiýasynyň Başlygy hökmünde 2017-nji ýylda şol ýörelgesini - ilkinji nobatda bu meselä doly gabat gelýän çemeleşme hökmünde erkin üstaşyr geçirmek ýörelgesini goldar, diýip DIM belleýär.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň barşynda dünýäniň energetika giňişliginde tertibiň umumy kabul edilen düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işine ýardam etmegi dowam eder.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek, hemmeleriň durnukly ykdysady ösüşine, doly we öndürijilikli, mynasyp işlemegine ýardam etmek meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyna ymtylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we Ýewrokomissiýa bilen tebigy gazy Hazar sebitinden ýewropa bazarlaryna çykarmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar. Bu prosesiň işjeň agzasy bolmak bilen Türkmenistan elýeterli energiýa ugurlaryny döretmeklige bolan ymtylyşyny bütin dünýä äşgär edýär.

Meňzeş täzelikler

2014