Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

27-nji maýda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezidentler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy gazyny Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin akdyrjak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy hakynda barýar.

Taraplaryň özara pikirine görä, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi täze üstaşyr-ulag geçelgelerini, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry (Lapis Lazuli) boýunça geçelgäni döretmek boýunça strategik taýdan möhüm düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Baştutany owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini gollady. Onuň gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.

Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Iki döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde — demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýlelikde, bilelikdäki tagallalar bilen görülýän çäreler sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini gazanmaga, serhetden geçýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik döreder.

Meňzeş täzelikler

2014