«Türkmengaz» DK we «Mitsubishi» kompaniýasy nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Geçen anna güni «Türkmengaz» döwlet konserninde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu pudaklarda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Sebitde iri «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi we onuň öndürýän azot dökünleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Nebitgaz senagatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň köpşahaly düzümini we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, polimer hem-de beýleki gazhimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça innowasion senagat toplumyny döretmek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmengaz» döwlet konserninde geçirilen onlaýn duşuşygynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça kärhananyň deslapky tehniki taslamasyny taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu desgany gurmak “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014