«Türkmengaz» Gyýanlydaky polimer zawodyň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserni Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy meýilleşdirýär. Maý aýynda konsern bu zawodda izobutan önümçilik blogyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

«Türkmengaz» şu ýylyň mart aýynda bu kärhanada tebigy gazyň peýdalanylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerine ilkinji gezek halkara bäsleşigini yglan etdi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizlen bu toplumyň önümçilik kuwwatlygy ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna ýokary dykyzlykdaky polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümleri öndürmek üçin ulanylýan tebigy gazyň düzüminden etany we propany aýranyňdan soň galan 4,5 mlrd kub metr harytlyk gaz gazy gaýtadan işleýän ulgama iberilýär.

Zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we beýleki döwletlerden alnan enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň düzümine dört sany esasy tehnologik desgalar: gazyň separasiýasy, etany gaýtadan işlemek, polietilen we polipropilen önümçilik desgalary girýär.

Bahasy 3,4 mlrd dollardan gowrak bolan Gyýanly polimer zawodynyň gurluşygy boýunça taslamany «Türkmengaz» DK «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy), şeýle hem «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrdy.

Häzirki wagtda zawodda öndürilýän polietilen we polipropilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen eksporta, şeýle hem içerki bazarlara iberilýär.

«Reports and Data» (ABŞ) analitik agentliginiň 2019-njy ýylda neşir edilen hasabatyna laýyklykda, 2026-njy ýyla çenli dünýäniň izobutan bazary 34 mlrd dollara çenli ýokarlanar.

Meňzeş täzelikler

2014